Euronews türkmen halkynyň milli däpleri barada gürrüň berdi

  • 08.01.2024 17:52
  • 10k+

«Euronews» web sahypasynda «Däp-dessurlar we baýramçylyklar arkaly medeni syýahat» atly Türkmenistana bagyşlanan makala peýda boldy. Makalanyň awtorlary ýewropaly okyjylara türkmen halkynyň baý milli mirasy, dürli däp-dessurlary we senetleri barada gürrüň berdiler.

Makalada şaý-sepleriň we milli lybaslaryň, şol sanda toý lybaslarynyň gözelligine hem-de özboluşlylygyna aýratyn üns berilýär, şeýle hem keşdeleriň we nyşanlaryň manysy düşündirilýär.
Ýazyjylar küştdepdi tansyny «köp duýguly tejribe» diýip atlandyrdylar we bu ajaýyp joşgunly tansyň ussat ýerine ýetirilişiniň tansçylary hem-de tomaşaçylary özboluşly trans ýagdaýyna düşürýändigini bellediler.
Makalada dutar mowzugyna hem aýratyn üns çekilip, gadymy eposlary we rowaýatlary gorap saklamakda möhüm wezipäni ýerine ýetiren bu gadymy saz guralynyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Türkmen halkynyň milli mirasynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem olaryň ählumumy gymmatyny tassyklaýar.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......