Aktrisa Emma Stoun «Kruella» filminiň dowamynyň üstünde işlenilýändigini aýtdy

  • 08.01.2024 17:15
  • 4k+

Aktrisa Emma Stoun «Kruella» filminiň dowamynyň üstünde işlenilýändigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru «Daily Mail» neşirine salgylanyp habar berýär.

Stoun taslamanyň haçan surata düşürilip başlanjakdygyny bilmeýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ol filmiň üstünde mümkin boldugyça ir işe başlanar diýip umyt edýändigini belledi. Ol Kruellanyň keşbine ýokary baha berdi.

«Bu örän täsin. Ol (Kruella) duranja bomba. Hawa, göreris. «Hemme zat heniz başlangyç tapgyrda» diýip, ýyldyz gürrüň berdi.

«Kruella» filminiň birinji bölümi 2021-nji ýylda çykdy. Filmiň režissýory Kreýg Gillespi. Film Dodi Smitiň «101 sany dalmatin iti» romanynyň filme geçirilen nusgasydyr we eseriň baş zalym gahrymany Kruella De Wiliň kemala gelşi barada gürrüň berýär. Baş keşpleri Emma Stoun we Emma Tompson ýerine ýetirdiler.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....