Güni öwrenmek üçin sentýabrda uçurylan hindi kosmos stansiýasy barmaly nokadyna ýetdi

  • 08.01.2024 11:54
  • 13k+

Hindistanyň Güni öwrenmek üçin niýetlenen kosmos obserwatoriýasy «Aditya-L1» şenbe güni Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadynyň çäklerindäki galo-orbitasyna üstünlikli bardy diýip, interfax.ru Hindistanyň kosmos gözleg guramasyna (ISRO) salgylanyp habar berdi.

«Güni öwrenmek üçin uçurylan «Aditya-L1» obserwatoriýasy 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Hindistanyň wagty bilen sagat 16:00-da galo-orbitasyna bardy» diýlip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Berilýän maglumatlara görä, bu galo-orbita enjamy dolandyrmak üçin edilýän hereketleriň sanyny iň pes derejä getirmek we şeýlelik bilen, obserwatoriýanyň 5 ýyl işlemegini üpjün etmek üçin ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen saýlandy.
«Aditya-L1» obserwatoriýasy ylmy barlaglary geçirmek üçin dürli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol Günüň fotosferasyny we hromosferasyny, şeýle hem magnit meýdanlaryny we elektromagnit bölejikleri, spektrometrleri hem-de koronagraflary kesgitlemek üçin niýetlenen gurallar arkaly onuň ýokarky gatlagyny – Günüň täjini öwrener.
Alymlar Günüň täjindäki iri partlamalaryň we Gün uçgunlarynyň sebäplerine düşünmäge kömek etjek täze maglumatlary almagy, şeýle hem kosmos howasyny we L1 nokadyndaky magnit meýdanyny öwrenmegi maksat edinýärler.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......