UFC-niň taryhynda iň çalt nokautyň eýesi Maswidal karýerasyna täzeden başlady

  • 07.01.2024 18:14
  • 18k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikan söweşijisi Horhe Maswidal karýerasyna täzeden başlajakdygyny habar berdi.

2023-nji ýylyň aprelinde Maswidal yzly-yzyna dördünji gezek ýeňilenden soň karýerasyny tamamlady. Maýamide geçirilen «UFC 287» çempionatynda ol eminleriň biragyzdan karary bilen braziliýaly Gilbert Bernsden ýeňildi.
Maswidal «Х» sosial ulgamynda: «Gaýdyp gelýän» diýen ýazgyny paýlaşdy.
Maswidal 39 ýaşynda, ol UFC-niň ýarym agyr agram derejesinde çempionlyk ugrunda iki gezek söweşip, iki gezek hem asly nigeriýaly amerikaly söweşiji Kamaru Usmandan ýeňildi. Ol watandaşy Ben Askren bilen söweşde çempionatyň taryhyndaky iň çalt nokauty (5 sekunt) amala aşyrdy. Maswidal garyşyk söweş sungatynda 35 ýeňiş gazandy we 17 gezek ýeňildi.


şu gün 08:32
8.5k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
9.2k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
9.3k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....