«Holop 2» komediýasy prokatda 1 mlrd rubl ýygnady

  • 07.01.2024 18:15
  • 7.8k+

Aglaýa Tarasowanyň we Miloş Bikowiçiň baş keşpleri janlandyrmaklarynda Klim Şipenkonyň 1-nji ýanwarda çykan filmi 2024-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli üç günüň içinde kassa ýygymyndan 1 milliard rubl gazandy. Bu mukdar ýakyn günlerde petekleriň öňünden satylmagy esasynda gazanyldy.

Filmiň ilkinji gezek görkezilen güni – 1-nji ýanwarda film 314,6 million rubl gazandy we Russiýanyň prokatynda bu ilkinji gününde gazanylan girdeji boýunça rekord derejedir. Mysal üçin, geçen ýyl, Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» filmi hem çykmagynyň üçünji gününde 1 milliard rubl ýygnady, ýöne filmiň kassa ýygymy ilkinji gününde 231 million rubla deň boldy.
XIX asyr obasynda gaýtadan terbiýelenýän Grişanyň taryhy baradaky 2019-njy ýylda çykan film tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy we onuň dowamynyň çykmagyny kepillendirildi. «Holop 2» filminde bolsa obada özüni gödek alyp barandygy üçin baş gahryman Katýany (Aglaýa Tarasowa) täzeden terbiýeleýärler. Filmiň ssenarisini birinji filmdäki ýaly, Darýa Grisewiç, Anton Morozenko we Dmitriý Permýakow ýazdy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....