Toyota 2023-nji ýylda diňe Hytaýda 800 000-den gowrak awtoulag satdy

  • 07.01.2024 18:53
  • 18k+

2023-nji ýylda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilen Toyota awtoulaglarynyň bölek satuwy 800 018 birlik bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,1% köpeldi.

FAW Toyota kompaniýasynyň wekilleri elektrikleşdirilen modelleriň 284 983 birlikdigini ýa-da, takmynan, 35,6 göterimdigini tassykladylar. Ýokary derejeli modelleriň 398 075 birligi ýa-da 49,8%-i satyldy.
Şol bir wagtyň özünde, FAW Toyota awtoulag önümçiligi 2023-nji ýylda 802 666 birlige ýetdi, şolardan gibrid modelleriň önümçiligi 27 göterim, täze energiýa modelleriniň önümçiligi 187 göterim ýokarlandy.
Reuters-iň we Ýaponiýanyň Jiji habarlar gullugynyň ozalky habarlaryna görä, Toyota Motor Hytaýyň Týanszin şäherindäki önümçiliginiň bir bölegini bes etjekdigini mälim etdi. Bu ýerde gürrüň Toyota bilen FAW-yň bilelikdäki kärhanasynyň köne önümçilik setirleri barada gidýär.
Toyota-da şulary mälim etdiler: “Önümçilik setiriniň togtadylmagynyň sebäbi, modelleriniň könelýändigini we kuzowyň görnüşini üýtgetmek ýaly üýtgeşmeleri göz öňünde tutmak bilen önümçilik ulgamyny optimizirlemekdir”.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......