Biologlar boýagyň titreýän molekulalary bilen rak öýjükleriniň 99%-ni ýok etdiler

  • 06.01.2024 13:19
  • 7.9k+

ABŞ-ly alymlar infragyzyl şöhle bilen işjeňleşdirilen titreýän molekulalary ulanyp, rak öýjükleriniň 99%-ini ýok etdiler. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Täze usul rak keselinde biologiki dokumalary reňklemek üçin ulanylýan aminosianin boýaglaryna esaslanýar. Alymlar infragyzyl ýagtylyk bilen şöhlelenende aminosianin molekulalarynyň çalt we sinhron şekilde titremäge başlaýandygyny, rak öýjükleriniň membranasyny mehaniki taýdan ýarýandygyny görkezdiler. Laboratoriýada ösdürilen rak öýjükleri boýunça geçirilen synaglarda bu usul öýjükleriň 99%-ini ýok etdi. Şeýle hem melanoma (deri rak keseli) bolan syçanlarda synag edildi: haýwanlaryň ýarysyna golaýy rak keselinden gutuldy.
Ýakyn infragyzyl şöhläni ulanmak aminosianinleriň ýene bir möhüm aýratynlygydyr, sebäbi ol bedeniň çuň dokumalaryna aralaşyp bilýär. Alymlar bu usulyň süňkleriň we içki organlaryň rak keselini operasiýa etmezden bejermek mümkinçiligini döretmegine garaşýarlar.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......