Emeli aň mikroplastigiň topraga ýetirýän täsirine baha berdi

  • 06.01.2024 11:48
  • 5.5k+

Plastik galyndylary barha global ekologiýa meselesine öwrülýär. Tebigy gurşawda önümler mikroplastiklere – tutuş dünýä boýunça ekoulgamy hapalaýan ululygy 5 mm-den kiçi bölejiklere bölünýär. Mikroplastigiň birneme täze hadysadygy üçin, onuň tebigata täsiriniň netijeleri heniz doly derejede öwrenilenok diýip, MIR 24 belleýär.

Halkara alymlar topary mikroplastigiň topraga nähili zyýan ýetirip biljekdigine baha berdiler. Şol bir wagtyň özünde olar maşyn biliminiň algoritmlerini ulandylar.
Netijeler mikroplastigiň ululygynyň, şekiliniň we mukdarynyň topragyň häsiýetini ep-esli üýtgedýändigini görkezdi. Esasy faktor bölejikleriň ululygy bolup çykdy. Gözlegiň dowamynda topragyň himiki düzüminde düýpli üýtgeşmeleriň bardygy ýüze çykaryldy.
Mundan başga-da, ösümlikler mikroplastigi özüne siňdirip bilýärler. Şeýlelik bilen, bölejikler iýmit zynjyrlaryna birleşip, adam organizmine düşüp bilýärler diýip, Environmental Pollution habar berýär.
Alymlar topragyň plastik bilen hapalanmagynyň “daşky gurşaw we saglyk bilen bagly çynlakaý meselelere” getirýändigi baradaky netijä geldiler. Şeýle-de bolsa, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy ekologiýa meselelerini çözmegiň ýollaryny görkezip biler. Alymlar geljekki nesiller üçin ekologiýa taýdan arassa dünýäni döretmek üçin plastik galyndylary dolandyrmakda “esasly çözgütleri” kabul etmäge çagyrýarlar.


04.06.2026 19:55
5.4k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.5k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.9k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
8.1k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....