Türkmenistana «Boeing 777-300 ER» kysymly ikinji täze ýolagçy uçary geldi

  • 05.01.2024 17:51
  • 18k+

Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi. Bu uçar ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasyndan «Boenig 777-300 ER» kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämilerini satyn almak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabada getirilen ikinji uçardyr. Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabada getirilipdi.

Ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom we 296-sy bolsa ekonom-klasa degişlidir. 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390  km deň bolup, 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......