Sukerberg Meta-nyň tas ýarym milliard dollarlyk paýnamasyny satdy

  • 05.01.2024 11:32
  • 9.5k+

Meta Platforms-yň ýolbaşçysy Mark Sukerberg 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň, takmynan, 428 mln dollarlyk paýnamasyny satdy. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu onuň soňky iki ýylda ilkinji paýnama satuwy bolup, ol kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň soňky ýedi ýylda iň pes derejä düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Sukerberg 1-nji noýabrdan başlap ýylyň ahyryna çenli her söwda güni paýnamalary satdy we tas 1,28 mln paýnama satdy.
Ortaça her satuw 10,4 mln dollar girdeji getirdi, iň uly satuw bolsa 28-nji dekabrda 17,1 mln dollarlyk boldy.

“Mundan öň Sukerberg 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Meta-nyň paýnamalaryny satmandy. Geçen ýyl kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2022-nji ýylyň ahyryndaky ýedi ýyllyk iň pes derejeden 194% ýokarlandy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Meta-nyň paýnamalary Nvidia Corp.-dan başga ähli iri tehnologiýa ägirtlerinden öňe geçdi we häzir 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky iň ýokary derejesine ýakynlaşýar.
Umuman, Sukerberg Meta-nyň paýnamalarynyň 13%-ine eýeçilik edýär we Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, takmynan, 125 mlrd dollar baýlygy bar. Şeýlelik bilen, ol dünýäde iň baý ýedinji adamdyr. 


25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.3k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...