TmCars: Täze ýylyňyz gutly bolsun!

  • 31.12.2023 20:52
  • 22k+

Ýyl boýy dürli ugurlarda zähmet çekýän, dürli ugurlarda okaýan watandaşlarymyzy bereketli bir saçagyň — bir saýtyň başyna jemlemegi başaran TmCars-yň döredijilik topary şu şatlykly pursatlarda Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli halkymyzy Täze 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Özüňize, öý-ojagyňyza, maşgalaňyza hem-de ulus-ilimize hemişe saglyk, agzybirlik, abraý arzuw edýäris! Täze ýyl ählimiz üçin ähli gowulyklaryň, şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň hem-de il-halk ähmiýetli beýik başlangyçlaryň ýyly bolsun!

Ynam, ygtybarlylyk, hil we döredijilikli çemeleşme — saýtymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ildeşlerimize hyzmat etmekde döwrebap ösüşiň derwaýys ugurlaryny, kämil çemeleşmeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarys. Saýtymyzyň agzalarynyň we okyjylarynyň ynamy bizi has-da döredijilikli we jogapkärçilikli işlemäge ruhlandyrýar. Geljekde hem saýtymyzyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, okyjy auditoriýamyzy artdyrmak, dürli hyzmatlary hödürlemek bilen adamlaryň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmek, birek-birege ýakynlaşdyrmak, täze mümkinçilikleri ýola goýmak üçin yhlas etjekdigimize ynandyrýarys.
Türkmen müçenamasyna görä 2024-nji ýyl balyk ýyly, luw ýyly. Bu ýylyň aýratynlyklary, özüne mahsus häsiýetleri hakda gadymy mirasymyzda maglumatlar bar. Ýeri gelende ýatlasak müçe ýyllarynyň arasynda iň köp söhbet edilýäni balyk ýylydyr.
Balyk ynsana iň ýokumly iýmit bolan haýwandyr, şonuň üçin bu ýyl bolçulygyň, tükeniksiz haýryň, saglygyň, aman-asudalygyň ýyly hasap edilýär.
Balyk suwda ýaşaýan janly-jandarlara degişli. Şundan ugur alyp balyk ýylynda ýagyş-ýagmyryň juda köp ýagýandygy, bereketiň artýandygy nygtalýar.
Balyk adamyň pälini, niýetini duýup bilýän, syzgyr haýwan hasap edilýär. Ýagşy niýet bilen ýönelseň, ýanyňa gelýändigi, ýüregiňde zerre ýamanlyk saklasaň, senden uzaklaşýandygy nygtalýar. Bu ynsaba görä ykbal tapylýan ýyldyr. Şonuň üçinem balyk ýyly barlyk ýyly, baýlyk ýyly hasaplanylýar. Goý, biziň ykbalymyzda ähli arzuwlarymyzy hasyl edýän altyn balyklar – altyn pursatlar hemişelik orun alsyn!
TmCars ýene bir gezek Sizi we siziň maşgalaňyzy, ähli türkmen halkyny Täze 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Goý, täze ýyl rysgally, bereketli, döwletli we düşümli ýyl bolsun! Il-ýurt we özüňiz üçin beslän asylly arzuw-hyýallaryňyz, beýik umytlara ýugrulan ýagşy dileg-dogalaryňyz hasyl bolsun! Kalbymyzyň töründäki bagt hakdaky arzuwlar ykbalymyza ýaýylsyn! Ähli babatda şowly we toýly ýyl bolsun! Gowy ýyllardanam has gowy ýyl bolsun!

Hemişe TmCars bilen galyň!

şu gün 07:51
68

«Oasis» toparynyň agzasy Noel Gallaheriň gitarasy auksionda 96 müň dollara satyldy

Britaniýanyň «Oasis» rok-toparynyň esaslandyryjylarynyň biri Noel Gallaheriň gitarasy Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 96 müň dollara satyldy. Bu barada «Bi-bi-si» habar berýär....

düýn 21:46
3.9k+

Fransiýa Reýunion adasynda dünýäniň iň gymmat ýoluny gurdurýar

Hindi ummanyndaky Reýunion adasynda taryhdaky iň çylşyrymly we gymmat infrastruktura taslamalarynyň biri bolan «Nouvelle Route du Littoral» (Täze kenarýaka ýoly) gurulýar....

düýn 17:15
1.5k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

düýn 16:54
4.2k+

Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda......