Xiaomi öz elektrokarynyň çykmagy mynasybetli gajetlerini täze reňklerde hödürledi

  • 31.12.2023 20:26
  • 9.5k+

Hytaýyň Xiaomi brendi täze reňklerde Xiaomi 14 we 14 Pro smartfonlarynyň we Watch S3 akylly sagatlarynyň çäkli seriýasyny çykardy. Gajetleriň täze reňklerde çykmagy kompaniýanyň SU 7 ady bilen bazara çykjak ilkinji elektrik awtomobiliniň tanyşdyrylyşyna bagyşlandy. Bu barada Gizmochina neşirine salgylanyp, rbclife.ru habar berýär.

Täze kolleksiýadaky enjamlar iki reňkde elýeterli bolar: Aqua Blue we Verdant Green. Dabarada elektrokar şeýle reňklerde hödürlenipdi.
Täze smartfonlar we smart-sagatlar Jade Green, Black, White we Snow Mountain Pink reňklerinde ýerine ýetirilen gajetler seriýasynyň üstüni ýetirer.
Galan ýagdaýlarda gajetler esasy wersiýalar ýaly aýratynlyklara eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, çäkli çykarylan smartfonlar diňe bir ýat konfigurasiýasyny aldy – 16 GB operatiw we 1 TB hemişelik ýat.
Täze gajetleriň bahasy öň hödürlenen beýleki reňklerdäki gajetleriňkiden tapawutlanmaz. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...