«PSŽ-niň» indiki möwsümde çykyş etjek köýnekçesinde Eýfel diňiniň şekili ýerleşdiriler

  • 31.12.2023 20:03
  • 8.7k+

Internetde «Pari Sen-Žermen» toparynyň geljek möwsüm myhmançylyk duşuşyklarynda geýjek köýnekçesiniň suraty peýda boldy. Bu barada mail.ru «Footy Headlines» neşirine salgylanyp habar berýär.

Myhmançylyk köýnekçesi Fransiýanyň baýdagynyň reňklerinde bolar. Ak köýnekçede gök we gyzyl reňklerde Eýfel diňiniň uly şekili ýerleşdiriler. Bu dizaýn Parižiň futbol toparynyň 1990/91-nji möwsümdäki myhmançylyk köýnekçesinden ylham alnyp taýýarlanyldy.
«Qatar Airways» awiakompaniýasy indiki möwsümde hem «Pari Sen-Žermeniň» baş hemaýatkäri bolmagynda galar. Tehniki hemaýatkäri bolsa 1989-njy ýyldan bäri parižlileri köýnekçe toplumy bilen üpjün edýän Amerikanyň «Nike» kompaniýasy bolar.
«PSŽ» Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda birinji orunda barýar, ikinji orundaky «Nissa» ondan bäş utuk yzadyr.


düýn 19:10
5.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....