SpaceX kompaniýasynyň rekord eýesine öwrülen raketasy Ýere gaýdyp gelenden soň ýumruldy

  • 30.12.2023 17:41
  • 21k+

SpaceX amerikan kompaniýasy B1058 seriýa belgili köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň birinji basgançagyny ýitirdi. Enjam rekord bolan 19 uçuryşy we Ýere gaýdyp gelşi amala aşyrdy, ýöne ol daşama wagty ýykylmagy netijesinde doly diýen ýaly ýumruldy.

Report agentliginiň habar bermegine görä, waka baradaky habar SpaceX-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda peýda boldy.
Waka 25-nji dekabrda bolup geçdi. Iki gün öň B1058-iň basgançagy 23 sany Starlink hemrasy uçurylandan soň Floridanyň kenaryndaky SpaceX Just Read the Instructions awtonom ýüzýän platformasyna asuda gondy. Ýöne kenara tarap ýolda robotlaşdyrylan gämi kiçiräk tupana duçar boldy we netijede Falcon 9 platforma ýykylyp, ep-esli zyýan çekdi.
SpaceX-iň Falcon programmasy boýunça wise-prezidenti Jon Edwards X sosial ulgamynda heläkçilik ýagdaýynda abat galan Merlin raketa hereketlendirijilerini dikeltmegi wada berýän ýazgyny ýerleşdirdi. Ol kompaniýanyň enjamyň nähak ýitmegine ýol bermejekdigini belledi.
SpaceX 3,5 ýylyň içinde B1058-iň iki astronawty we umumy agramy 260 tonna töweregi bolan 860-dan gowrak hemrany orbita çykarandygyny belleýär.


23.05.2026 15:01
3.6k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......