Samsung smartfony kompýuter bilen baglamak üçin ykjam goşundy çykardy

  • 30.12.2023 17:52
  • 8.8k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy öz smartfonlaryny kompýuter bilen birikdirmek üçin SamsungPhone ykjam goşundysyny çykardy. Bu ykjam goşundy smartfonyň doly mümkinçiliklerini göni Windows 10 ýa-da Windows 11 bilen işleýän kompýuterde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, SamsungPhone programmasyny ulanyp, Samsung Galaxy smartfonyny kompýutere birikdirip, ulanyjylar jaň edip, habar ýazyp, habarnamalary alyp we iki enjamyň arasynda faýl geçirip bilerler. Ulanyjylar surat galereýasyna, belliklere, kontaktlaryň sanawyna we başga-da köp tanyş funksiýalara girip bilerler.
Häzirki wagtda SamsungPhone programmasy diňe Microsoft Store-da Galaxy Book noutbuklary üçin elýeterlidir, ýöne geljekde kompaniýa programmanyň gerimini hökman giňelder. Samsung, haýsy ýurtda ulanylýandygyna baglylykda, işleýşiniň üýtgäp biljekdigini belleýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...