Apple ozal gadagan edilen Apple Watch-yň satuwyna täzeden başlady

  • 29.12.2023 16:34
  • 6.4k+

Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň sözlerine görä, Apple öň gadagan edilen Apple Watch Series 9-yň we Apple Watch Ultra 2 -niň satuwyna täzeden başlady. Enjamlary Apple-iň ABŞ-daky bölek satuw dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz we onlaýn satuwlar 29-njy dekabrda gaýtadan ýola goýlar.

Bu gadaganlyk ABŞ-nyň Apellýasiýa kazyýeti tarapyndan ýatyryldy. Kazyýetiň kararyna baglylykda, Apple sagatlarynyň agramly bölegini ýanwar aýynda satyp biler we ondanam uzagrak dowam etmegi mümkin.
Satuw gadaganlygy 21-nji dekabrdan bäri dowam edýärdi. Ony halkara söwda komissiýasy (ITC) girizdi. Munuň sebäbi, Masimo lukmançylyk kompaniýasynyň gandaky kislorody gözegçilikde saklamak tehnologiýasy bilen baglanyşykly patentleriniň bozulmagydyr.
ABŞ-nyň ITC-niň satuw gadagançylygyny haýal etmän täzeden dikeltmegiň zerurdygyny delillendirmäge 10-njy ýanwara çenli wagty bar. Ondan soň kazyýet bu iş boýunça gutarnykly karar çykarar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....