Microsoft Wiskonsinde 76 mln dollara kädi fermasyny satyn aldy

  • 29.12.2023 14:56
  • 3.6k+

Microsoft maglumatlary işleýiş merkeziniň täze şahamçasynyň gurluşygy üçin Wiskonsin ştatynda ýer bölegini satyn alýar.

Milwaukee Business Journal neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň satyn alan ýeri, takmynan, 76 mln dollara Kreýsiger maşgalasyndan satyn alnan 165 gektar ýer bölegidir.
Kreýsiger maşgalasy bu ýeri oba hojalyk işlerini alyp barmak üçin ulanypdyr hem-de ol ýerde Land of the Giants Pumpkin Farm kädi fermasyny dolandyrypdyr. Emlägiň öz bahasy 600 müň dollardan hem az. Şertnamanyň bahasy ýerli hökümet tarapyndan iPhone Foxconn öndürijisi bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde 2017-nji ýylda Kreýsiger maşgalasyna teklip edilen mukdardan üç esseden hem gowrak boldy. Şol wagt maşgala ýer bölegini satmaga garşy bolmasa-da, onuň üçin has ýokary baha almak isleýärdi.
Şol bir wagtyň özünde, Microsoft ýerli etrap we şäher häkimlikleri bilen ýerden peýdalanmak barada şertnama baglaşdy we öz maglumat merkezlerini gurmak üçin ýene, takmynan, 5 km2 ýer satyn aldy.
Neşiriň maglumatlaryna görä, gurluşygyň birinji tapgyry eýýäm alnyp barylýar, onuň üçin, takmynan, 1 mlrd dollar sarp ediler. Kompaniýa birinji tapgyrda 200 iş ornunyň döredilmegine garaşýar, ýöne geljekde ýene 460 iş orny goşulyp bilner.


şu gün 09:33
6.2k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......