2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Çeburaşka» filminiň «Çeburaşka. Dynç güni» atly ýörite bölümi çykar

  • 28.12.2023 14:34
  • 7.1k+

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Çeburaşka» filminiň «Çeburaşka. Dynç güni» atly ýörite bölümi çykar. Bu barada TASS habar berýär.

«Çeburaşka 2-ä» ýene iki ýyl töweregi garaşmaly, ýöne Gena bilen Çeburaşkanyň täze başdangeçirmelerini häzirden görmek isleýärsiň. Biz çykalga tapdyk we halaýan gahrymanymyzyň durmuşynyň bir güni barada kiçijik film döretdik» diýip, ssenaristleriň biri Witaliý Şlýappo aýtdy.

Mini film 2023-nji ýylda surata düşürilen we Russiýanyň taryhynda iň köp girdeji gazanan film bolan «Çeburaşkanyň» döredijileri tarapyndan öndürildi. Ýörite bölüm çagalar we ene-atalar üçin Täze ýyl sowgadydyr. Döredijiler 2024-nji ýylda filmiň dowamyň bir bölegi däl-de, baş gahryman hakynda özbaşdak bir hekaýanyň çykjakdygyny nygtaýarlar.
«Çeburaşka» atly maşgala komediýasy şu ýylyň iň gowy filmi boldy. Film 1-nji ýanwarda Russiýanyň kinoteatrlarynda çykdy we ýurduň taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Film kassa ýygymlary boýunça öňki rekordyň eýesinden – Klim Şipenkonyň 2019-njy ýylda 3,082 milliard rubl gazanan «Holop» filminden hem öňe geçdi.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....