Akwamen hakyndaky täze film ilkinji hepdesinde Amerikanyň prokatynda birinji orna çykdy

  • 28.12.2023 14:27
  • 10k+

«Akwamen we ýitirilen patyşalyk» filmi ilkinji dynç gününde ABŞ-nyň we Kanadanyň kinoteatrlarynda 28 million dollar gazanyp, Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi.

Hünärmenler duşenbe gününi hem öz içine alýan Roždestwo baýramynda onuň jemi 40 million dollar toplajakdygyny çaklaýarlar. 200 million dollara golaý çykdajy eden film beýleki ýurtlarda ýene 80 million dollar gazanyp biler.
«Wonka» mýuzikl filmi 17,7 million dollar gazanyp, Demirgazyk Amerikanyň prokatynda ikinji orna düşdi. Üçünji orny 12,3 million dollar görkeziji bilen «Migrasiýa» atly animasion filmi eýeledi.
Emma Stounyň we Willem Defonyň baş keşbi janlandyrmaklarynda Ýorgos Lantimosyň «Görgüli betbagtlar» filmi 800 kinoteatrdan 2,1 million dollar gazandy. Ol şu möwsümiň dürli baýraklara esasy dalaşgärleriniň biridir.


11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

06.05.2026 18:18
4.9k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

18.04.2025 00:50
9.3k+

Nýu-Ýorkly aşpez model bolup, Pariždäki moda hepdeliginde çykyş etdi

Nýu-Ýorkdan Scarr’s pizzeriýasynda işleýän aşpez Kristiano Wenmann garaşylmadyk ýagdaýda isleg bildirilýän model we Pariždäki moda hepdeliginiň gatnaşyjysy boldy. Onuň üstünliginiň wakasyny New York Post gürrüň berýär...

05.04.2024 15:06
11k+

Dolce & Gabbana binagärlik işine gatnaşýar: brend Maýamide 320 metrlik diňiň taslamasyny hödürledi

Italiýanyň Dolce & Gabbana brendi Maýamide gurulmagy meýilleşdirilýän ilkinji ýaşaýyş diňiniň taslamasyny hödürledi. Binanyň dizaýny Nýu-Ýorkyň Studio Sofield binagärlik studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy...