Kolumbiýada aýdymçy Şakiranyň hormatyna ýadygärlik açyldy

  • 28.12.2023 09:53
  • 19k+

Aýdymçy Şakiranyň dogduk şäheri bolan Kolumbiýanyň Barrankilýasynda onuň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy. Dabaradan wideony şäher häkimi Haýme Pumahero Haýns Instagram-da ýerleşdirdi diýip, rbc.ru habar berýär.

Şakiranyň heýkeliniň obrazy onuň Hips Don’t Lie aýdymy üçin 2005-nji ýyldaky klibine esaslanýar. Heýkeliň beýikligi 6,5 m bolup, ol bürünçden we alýuminden ýasaldy. Onuň awtory ýerli suratkeş Ino Markes boldy.
Şakira, öz gezeginde, Instagram-da “Bu meniň halkymyň ägirt uly çeper zehininiň mysaly” diýip ýazmak bilen, Kolumbiýanyň ýaşaýjylaryna minnetdarlyk bildirdi. Aýdymçy Kolumbiýany öz döredijiliginiň ylham çeşmesi diýip atlandyrdy. Heýkeliň açylyş dabarasyna Şakiranyň ene-atasy hem gatnaşdy.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

15.11.2023 11:40
5.5k+

Kolumbiýa dünýäde ilkinji bolup fastfuda aksiz girizmegi meýilleşdirýär

Kolumbiýa dünýäde sagdyn däl iýmitiň sarp edilmegine garşy göreşýän ilkinji döwlet bolmaga taýýarlanýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda güýje girjek täze kanun ultra gaýtadan işlenen önümlere (çipsiler, guradylan...

24.08.2022 17:01
7.3k+

Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler

Braziliýadaky we Kolumbiýadaky plantasiýalardaky ýaramaz hasyl üçin kofäniň bahasy birden gymmatlap biler. Bu barada “The Wall Street Journalyň” maglumatlaryna salgylanyp, rg.ru habar berýär. Bellenilişi ýaly,...

düýn 20:48
720

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......