Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler

  • 24.08.2022 17:01
  • 7.3k+

Braziliýadaky we Kolumbiýadaky plantasiýalardaky ýaramaz hasyl üçin kofäniň bahasy birden gymmatlap biler. Bu barada “The Wall Street Journalyň” maglumatlaryna salgylanyp, rg.ru habar berýär.

Bellenilişi ýaly, meseleler, ilki bilen, Braziliýada ýüze çykdy. 2021-nji ýylyň gurakçylygy we doňakçylygy hasyla ýaramaz täsirini ýetirdi. Bu ýurtda öndürilýän “arabikanyň” funtdaky bahasy ABŞ-nyň 2,23 dollaryna barabar boldy. Kolumbiýanyň kofe plantasiýalary hem ýaramaz howa şertlerinden ejir çekdi. Şu ýylda käbir plantasiýalarda hasyllylygyň derejesi iki esse peselip biler.
Kofäniň bahasynyň gymmatlamagyna getirip biljek sebäpleriň ýene biri logistika meselesidir. Ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, ýük daşamalaryň bahasy hem artdyryldy.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

21.05.2026 16:05
8.4k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

04.05.2026 19:45
7.2k+

Şakiranyň Rio-de-Žaneýrodaky mugt konsertine 2 million tomaşaçy ýygnandy

2-nji maýda Şakiranyň Rio-de-Žaneýronyň meşhur Kopakabana kenarynda geçiren mugt konsertine 2 million tomaşaçy jemlendi. Gatnaşanlaryň sany baradaky maglumatlary şäheriň häkimi tassyklady. Bu çykyş aýdymçynyň......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....