Kolumbiýa dünýäde ilkinji bolup fastfuda aksiz girizmegi meýilleşdirýär

  • 15.11.2023 11:40
  • 5.5k+

Kolumbiýa dünýäde sagdyn däl iýmitiň sarp edilmegine garşy göreşýän ilkinji döwlet bolmaga taýýarlanýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda güýje girjek täze kanun ultra gaýtadan işlenen önümlere (çipsiler, guradylan çörek bölejikleri, şokolad batonlary, fastfud we beýleki azyk önümleri) aksiz salgydyny girizmegi göz öňünde tutýar diýip, aif.ru belleýär.

Ilkibaşda ýygym 10% derejesinde bolar, 2024-nji ýylda 15%-e, 2025-nji ýylda 20%-e çenli ýokarlanar. Ýaşaýjylaryň arasynda meşhur bolan önümlere salgyt girizmek karary bu önümleriň saglyk üçin zyýanlydygy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, ortaça statistikaly kolumbiýalynyň gündelik rasionynda 12 gram duz bar, bu bolsa Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji we dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir. Bu gipertoniýa, ýürek-damar kesellerine sebäp bolýar, şeýle-de insult we ýürek ýetmezçiligi hadysalaryny ýokarlandyrýar.


24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

28.12.2023 09:53
19k+

Kolumbiýada aýdymçy Şakiranyň hormatyna ýadygärlik açyldy

Aýdymçy Şakiranyň dogduk şäheri bolan Kolumbiýanyň Barrankilýasynda onuň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy. Dabaradan wideony şäher häkimi Haýme Pumahero Haýns Instagram-da ýerleşdirdi diýip, rbc.ru habar berýär...

24.08.2022 17:01
7.3k+

Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler

Braziliýadaky we Kolumbiýadaky plantasiýalardaky ýaramaz hasyl üçin kofäniň bahasy birden gymmatlap biler. Bu barada “The Wall Street Journalyň” maglumatlaryna salgylanyp, rg.ru habar berýär. Bellenilişi ýaly,...

düýn 20:48
720

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......