Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatynda altyn medal alan türgenlere awtoulag sowgat berdi

  • 28.12.2023 09:03
  • 53k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň türgenleri we tälimçi-mugallymlary awtoulaglar bilen sylaglady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda,

  • Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň kuraş görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Dörtguly Tejenowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagy;
  • Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Şirin Permanowna Kubaýewa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagy;
  • Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşynyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň uly hünärmeni Wepa Ýadigarowiç Awlýakulyýewe 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;
  • Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Bagtyýarowiç Omirowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;
  • Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Dinara Rozykulowna Rozykulowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 63 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;
  • Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçi-mugallymy Mariýa Walerýewna Lohowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;
  • Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sabina Ruslanowna Kadyrowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 78 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy sowgat berildi.

22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....