Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny tamamlap, Türkmenistana dolandy

  • 27.12.2023 09:31
  • 27k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenistana ugrady. Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň resmi däl sammite gatnaşmagynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna ygrarlylygyň, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nyşanydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan dostlukly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirildi.


şu gün 08:02
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......

düýn 20:39
1.7k+

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu......

düýn 07:52
1.2k+

Türkmenistan we Belgiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy

30-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Žýulýen de Fraýponyň arasynda......

30.03.2026 23:19
7.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde......