NASA: 27-nji dekabrda Ýeri güýçli magnit tupany gurşap alar

  • 27.12.2023 09:03
  • 12k+

Aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş milli müdirligi (NASA) 27-nji dekabrda Ýeri G1 klasly geomagnit hadysasynyň gurşap aljakdygy barada duýduryş berdi. Bu barada News9Live habar berýär.

Muňa ýaňy-ýakynda Günüň üstünde bolup geçen M klasly birnäçe alawlamalar sebäp bolar.
Magnit hadysasynyň planetamyza 27-nji dekabrda giç agşam täsirini ýetirmegine garaşylýar. Kosmiki hadysa polýar ýalkymynyň döremegine sebäp bolup biler.

G1 klasly geomagnit tupanlary elektrik ulgamynyň we emeli hemralaryň işinde ownuk bökdençlikleri döredip biler, şeýle hem telefonlaryň işleýşine täsirini ýetirmegi mümkin. Astronawtlar we awiakompaniýalaryň ekipažlary üçin goşmaça töwekgelçilikler ýüze çykyp biler. Göçüp barýan guşlar geomagnit tupanynyň täsiri astynda nawigasiýalarynyň azajyk ýoýulýandygyny duýup bilerler.


30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

10.04.2026 10:44
3.9k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

19.03.2026 11:12
9.5k+

Ogayo ştatynyň asmanynda 250 tonna trotil güýjündäki meteorit ýaryldy

Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär...