Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty IKA tarapyndan iň gowy ýaryş diýlip ykrar edildi

  • 26.12.2023 14:42
  • 17k+

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty göreşiň bu görnüşiniň Halkara federasiýasy (IKA) tarapyndan dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy ýaryş diýlip ykrar edildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

“23-nji noýabrdan 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä birinjilikleriniň taryhynda iň gowy ýaryşlaryň biri boldy. Türkmenistanyň hökümeti ýaryşy ýokary dereje gurnamak we geçirmek üçin uly tagallalary etdi” – diýlip, IKA-nyň habarynda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, Kuraş boýunça dünýä çempionatynda dört yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda göreşdi. Ýaryşyň dowam edýän günleri geçirilen IKA kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta hem Demirgazyk Amerikadan 53 döwletiň wekilleri gatnaşdy.
Ýaryşda ýurdumyzyň türgenleri 15 agram derejesinde 15 medala – 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Medallaryň umumy sany boýunça pälwanlarymyz topar sanawynda diňe Özbegistanyň ýygyndysyndan yza galdy. Bu ýurduň türgenleriniň hasabynda 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal bar. Liderleriň üçlügini bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medal bilen Gazagystanyň ýygyndysy jemledi.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......