2024-nji ýylda ýyldyzlaryň süýnme hadysasynyň ilkinji senesi belli boldy

  • 25.12.2023 22:58
  • 8.7k+

3-nji ýanwara geçilýän gije 2024-nji ýylyň ilkinji ýyldyz süýnme (meteor akymy) hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu hadysa Kwadrantidler hökmünde bellidir. Astronomlar bir sagadyň dowamynda 120-ä golaý meteory görüp boljakdygyny çaklaýarlar. Bu barada Moskwa planetariýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Ýyldyzlaryň süýnmesini 28-nji dekabrdan 12-nji ýanwara çenli aralykda görmek bolar. Meteorlaryň uçuş ýeri Wolopas ýyldyzlar toplumyndaky Uly Ýedigeniň susagynyň tutawajynda ýerleşýär.
Astronomlar, Halkara meteor guramasynyň çaklamalaryna görä, işjeňligiň ýokary bolan gijesi sagatda 120 meteor görüp boljakdygyny belleýärler, bu bolsa açyk asmanda minutda, takmynan, 1-2 meteora barabardyr.
Ýyldyzlaryň süýnmesini synlamak üçin iň amatly wagt gijäniň ikinji ýarymy hasaplanýar, şol wagt akymyň çeşmesi demirgazyk-gündogar gözýetimden has belentde bolar.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......