Milliarder Jim Retkliff “Mançester Ýunaýtediň” 25% paýnamasyny satyn aldy

  • 25.12.2023 23:05
  • 12k+

Ineos himiýa ägirdiniň eýesi britaniýaly milliarder Jim Retkliff Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň paýnamalarynyň 25%-ini satyn aldy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär diýip, kommersant.ru belleýär.

B klasyň paýnamalarynyň 25%-ini Jim Retkliffiň Trawlers Limited kompaniýasy satyn aldy. Mundan başga-da, kompaniýa A klasyň 25%-ine çenli paýnamasyny satyn almak barada ylalaşdy. Şertnamanyň bahasy 1,2 mlrd funt sterling ($1,52 mlrd) boldy.
Şeýle-de, işewür “Old Trafford” stadionynyň infrastrukturasyna 300 mln dollar maýa goýar. Bu mukdardan 200 mln dollar şertnama ýapylandan soň, ýene 100 mln dollar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tölener. “Mançester Ýunaýtediň” futbol işini dolandyrmak hukugyny Ineos alar.
Öň, “Mançester Ýunaýtediň” paýnamalarynyň ýeke-täk eýesi 2005-nji ýylda kluby 1,34 mlrd dollara satyn alan Gleýzer maşgalasyna degişlidi. Milliarder Malkolm Gleýzer 2014-nji ýylda 85 ýaşynda aradan çykdy, şondan soň klub onuň ogullarynyň eline geçdi.


düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......