2024-nji ýylda çykmagyna garaşylýan bäş sany Apple gajeti belli boldy

  • 25.12.2023 23:00
  • 4.7k+

Geljek ýyl Apple üçin möhüm ýyl bolar, sebäbi kompaniýa 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze önüm hataryny işe girizmegi wada berýär. Şonuň bilen birlikde kompaniýa garaşylýan birnäçe gurluşy hödürlär. Bular barada MacRumors neşiri gürrüň berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Ilkinji nobatda neşir AirPods gurluşlaryny belledi. 2024-nji ýylda Apple kompaniýasy AirPods 4-üň iki wersiýasyny hödürlär: gymmat we arzan. Olaryň ikisi-de täzelenen dizaýne eýe bolar, ýöne diňe gymmat model işjeň galmagal basyş ulgamy bilen üpjün ediler.
Geljek ýyl IT ägirdi köp sanly täze iPad gurluşyny hödürlär, ýöne neşir ilkinji OLED ekranly Pro wersiýanyň çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. OLED ekranlar diňe bir şekili ýokary hilli etmän, eýsem iPad-yň has inçe bolmagyna mümkinçilik berer. Şonuň üçin gurluşyň dizaýnynyň hem üýtgemegine garaşylýar.
2024-nji ýyl Apple Watch üçin şanly ýyl bolar. Şu mynasybetli kompaniýa täze dizaýna we kemerjikler üçin täze berkidişe eýe boljak Apple Watch X sagadyny hödürläp biler. Gurluşyň esasy aýratynlygy adam bedenindäki gan basyşyny ölçemek mümkinçiligi bolar.
iPhone 16 hatary hem garaşylýan täzelikdir. Gurluş düýpli üýtgeşmelere sezewar bolmasa-da, žurnalistler täzeden işlenen kamera bloguna, Pro wersiýalarda ulaldylan ekrana, şeýle-de täze prosessorlara garaşýarlar.
2024-nji ýylyň iň gyzykly önümi Apple Vision Pro garniturasy bolar. Vision Pro geljegi uly gurluş ýaly bolup görünse-de, onuň ilkinji synlary gowşak boldy. Şundan ugur alyp, neşir ilkinji nesil Vision Pro-nyň üstünliklerine şübheli garaýar. Şeýle-de bolsa, žurnalistler satuwyň gowşakdygyna garamazdan, Apple-iň “baş kompýuterleriniň” hataryny ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýarlar. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...