Google Android-e batareýanyň saglyk görkezijisini goşar

  • 25.12.2023 14:15
  • 5.2k+

Google Android-e batareýanyň saglyk görkezijisini birikdirmegi meýilleşdirýär. Bu täzelik Apple smartfonlarynda bar bolan aýratynlyga meňzeş ulanyjy tejribesini gowulandyrmakda möhüm ädim bolar. Şu wagta çenli Android enjamlarynyň eýeleri üçünji tarap programmalaryna ýüz tutmaly ýa-da enjamlarynyň batareýasynyň ýagdaýyny barlamak üçin ýörite buýruklar girizmeli bolýardylar.

Iň soňky Pixel Feature Drop täzelenmesi batareýanyň maglumatlary bilen baglanyşykly täze aýratynlyklary, şol sanda öndürilen senesi we zarýad siklleriniň sanyny öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, iň ähmiýetlisi, Android 14 QPR2 Beta 2-de Android boýunça hünärmen Mişaal Rahman tarapyndan açylan gizlin "Batareýanyň saglygy" bölümi bolup durýar. Bu bölüm entek batareýanyň saglyk görkezijisiniň doly ýerine ýetirilmegini öz içine almaýar, ýöne onuň asyl kodunyň derňewi geljekde batareýanyň asyl kuwwaty bilen deňeşdirilende, näçe göterim saklap biljekdigini görkezer diýip çaklaýar.


22.03.2026 04:00
2.7k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
869

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...