Samsung Galaxy S24 smartfonlarynyň aýratynlyklary mälim edildi

  • 24.12.2023 14:53
  • 23k+

Internetde «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy S24» seriýasyna degişli yglan edilmedik flagman smartfonlarynyň ähli aýratynlyklaryny görkezýän resmi prezentasiýasy peýda boldy.

Şeýlelik bilen, «Galaxy S24» FHD+ durulygy we 2600 nite çenli ýagtylygy bolan 6,2 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün ediler. «Galaxy S24+» bolsa QHD+ durulygy we şol derejedäki ýagtylygy bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED matrisa eýe bolar. «Galaxy S24 Ultra-nyň» ekrany «Galaxy S24+-yň » ekranyndan diňe diagonaly boýunça tapawutlanýar: 6,7 dýuým däl-de 6,8 dýuým.
«Galaxy S24» we «Galaxy S24+» 50 megapiksellik esasy kamera, «Galaxy S24 Ultra» bolsa 200 megapiksellik esasy kamera bilen enjamlaşdyrylar. Üç smartfonyň hemmesi 8K durulykda wideo ýazgyny goldaýar. «Galaxy S24» we «Galaxy S24+» optiki ýakynlaşdyrmagyň 2x we 3x basgançagy bolan telefotokamera bilen üpjün ediler. Iň ýokary sanly zum 30x bolar. «Galaxy S24 Ultra» smartfonynda bolsa optiki ýakynlaşdyrmagyň dört basgançagy bolar: 2x, 3x, 5x we 10x. Iň ýokary sanly zum – 100x.
«Galaxy S24», «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra», degişlilikde, 8 GB, 12 GB we 12 GB operatiw ýada eýe bolarlar. «Galaxy S24» 128 GB-dan 256 GB-a çenli, «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» 256 GB-dan 512 GB-a çenli goşmaça ýat bilen üpjün ediler. Üç smartfon hem «Snapdragon 8 Gen 3» prosessory bilen işlär.
«Galaxy S24», «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» smartfonlarynyň akkumulýatorlarynyň sygymy, degişlilikde, 4000 mA/s, 4900 mA/s we 5000 mA/s bolar. «Galaxy S24» 30 minutda 0-dan 50%-e çenli, «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» bolsa 30 minutda 0-dan 65% -e çenli çalt zarýad alar.
Üç smartfonyň hemmesi IP68 standartyna laýyklykda, çyglylykdan we tozandan gorag ulgamyna eýedir. Öz gezeginde, diňe «Galaxy S24 Ultra» titan çarçuwa eýe bolar. «Galaxy S24» we «Galaxy S24+» güýçlendirilen alýuminiýden öndüriler.
«Galaxy S24» neslini 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Enjamlaryň bahalary şol gün aýan ediler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...