«Çeburaşka 2» 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykar

  • 24.12.2023 14:25
  • 5.4k+

«Çeburaşka» baradaky maşgala filminiň dowamy 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykar. Bu barada «Holop 2» filminiň ilkinji görkezilişinde mälim edildi diýip, TASS habar berýär.

Çäre başlamazdan ozal «Çeburaşka» atly kiçi göwrümli tanyşdyryş filmi görkezildi we onuň 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykjakdygy mälim edildi. Filmiň prodýuseri Eduard Iloýan onuň täze ýyla sowgat boljakdygyny aýtdy.
«Çeburaşka» filmi 1-nji ýanwarda Russiýanyň kinoteatrlarynda çykdy we ýurduň prokatynyň taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Film kassa ýygymlary boýunça rekordyň öňki eýesinden – Klim Şipenkonyň 2019-njy ýylda 3,082 milliard rubl gazanan «Holop» filminden hem öňe geçdi.
Alty ýaşdan uly tomaşaçylar üçin niýetlenen maşgala komediýasy Çeburaşkanyň deňziň ýakasyndaky kiçijik şäherçedäki başdangeçirmeleri barada gürrüň berýär. Ol bu ýere uzak apelsinli ýurtdan gelýär.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....