Resident Evil 4 Remake oýny iPhone smartfonlary üçin elýeterli boldy

  • 24.12.2023 14:15
  • 4.7k+

«Capcom» ýapon wideo oýun kompaniýasy «Apple» korporasiýasynyň «iPhone» smartfonlarynda we «iPad» planşetlerinde meşhur gorkuly söweş oýny «Resident Evil 4-iň» täzelenen nusgasynyň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu barada maglumat «Capcom-yň» resmi web sahypasynda peýda boldy.

2005-nji ýylda çykan asyl oýun bilen deňeşdirilende, täzelenen nusga häzirki zaman grafikasyny, täze gahrymanlary, çeşmelerden ýarag ýasamak ýaly täzelenen oýun elementlerini öz içine alar.
«Resident Evil 4 Remake» oýny «iPhone 15 Pro-da» oýnalyp bilner. Oýun M1 prosessory ýa-da has täze çipset bilen enjamlaşdyrylan beýleki «Apple» enjamlarynda hem elýeterli bolar.
«Resident Evil 4-iň» täzelenen nusgasy 2023-nji ýylyň mart aýynda «PlayStation», «Xbox» platformalary we şahsy kompýuterler üçin çykdy. Täze nusga tankytçylar hem-de oýun bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy we «Metacritic» halkara reýting platformasyndaky iň oňat wideo oýunlarynyň sanawynda mümkin bolan 100 utukdan 93-sini gazanyp, ýedinji orny eýeledi.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......