Apple Aston Martin-iň we Porsche-niň mysalynda täze CarPlay ulgamyny görkezdi

  • 23.12.2023 16:13
  • 6.5k+

Apple kompaniýasy indiki ýyl satuwa çykarjak CarPlay-iň indiki nesliniň tehnologiýasynyň şahsylaşdyrma mümkinçiliklerini görkezdi. Mysal üçin, ulgamy ilkinjileriň hatarynda ulanjak Aston Martin we Porsche markalary saýlandy diýip, CarBuzz ýazýar.

CarPlay-yň täze wersiýasy diňe merkezi multimediýa duýgur ekrany däl, eýsem, awtoulagdaky bar bolan ähli ekranlar bilen birleşip biler. Şol bir wagtyň özünde, her awtoulag öndürijisi üçin maglumatlary görkezmegiň stili aýratynlykda işlenip düzüldi.
Şeýlelik bilen, Aston Martin üçin sanly dolandyryş paneli markanyň öz  reňklerinde arasy “penjireli” iki sany siferblat görnüşinde amala aşyrylar. Porsche üçin Pepita fon nagşyly klassiki oturgyç daşlygyny görkezýän üç sany gural topary sanly görnüşde köpeldildi.
Täze Porsche Cayenne we Panamera üçin Apple kompaniýasy öňdäki ýolagçynyň ekrany bilen aragatnaşygyk saklamagyny göz öňünde tutdy. Aston Martin-iň DB12 model maşgalasynda CarPlay -yň täze wersiýasy çykar. Geçen ýylky bildirişe görä, JLR, Mercedes-Benz, Nissan, Ford, Lincoln, Audi, Acura, Volvo, Honda, Renault, Infiniti, Polestar hem tehnologiýanyň birleşdirilmegine taýyn. Awtoulag eýeleriniň iPhone-lary bortdaky maglumatlary saklamaz diýip takyklanýar.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......