“Mançester Siti” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy

  • 23.12.2023 16:04
  • 10k+

Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 4:0 hasabynda utdy. Report agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi.

Oýnuň 40-njy sekuntynda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Hulian Alwares gol geçirdi we bu klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň çalt gol boldy. “Fluminenseniň” goragçysy Nino 27-nji minutda topy öz derwezesine girizdi. 72-nji minutda ýarym goragçy Fil Foden “Mançester Sitiniň” hasabyna ýene bir gol goşdy, 88-nji minutda bolsa Alwares oýunda gutarnykly hasaby goýdy.
Üçünji orun üçin oýunda Müsüriň “Al-Ahli” topary Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” klubuny 4:2 hasabynda utdy.
“Mançester Siti” Klublaýyn dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiş gazanýar. Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi ispan “Realydyr”, onuň hasabynda bäş titul bar. Iňlis toparlaryndan öň “Mançester Ýunaýted” (2008), “Liwerpul” (2019) we “Çelsi” (2021) ýeňiji bolupdy.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....