Braziliýada Peläniň güni dörediler

  • 22.12.2023 18:24
  • 14k+

Braziliýanyň Deputatlar palatasy (ýurduň Kongresiniň aşaky palatasy) Peläniň gününi döretmek hakynda kanunyň taslamasyny tassyklady diýip, lenta.ru habar berýär.

Baýramçylyk üç gezek futbol boýunça dünýäniň çempiony Pelä bagyşlanýar we ony 19-njy noýabrda tutuş ýurtda belläp geçmek teklip edilýär. 1969-njy ýylda şol gün braziliýaly futbolçy karýerasyndaky müňünji goluny tora girizdi. Indi kanunyň taslamasy tassyklamak üçin Senata iberiler.
Aprel aýynda Peläniň ady Portugaliýanyň sözlügine girizildi. Ol «Iň gowusy» sözüniň sinonimi hökmünde girizildi.
Pele geçen ýyl 29-njy dekabrda içki organlarynyň näsazlygy sebäpli 82 ýaşynda aradan çykdy. Braziliýaly futbol boýunça üç gezek dünýäniň çempionydyr. Ol «Santos» toparynyň düzüminde 18 ýyl çykyş etdi we topar bilen alty gezek Braziliýanyň çempiony boldy. 1999-njy ýylda Halkara Olimpiýa komiteti hüjümçini «Asyryň türgeni» diýip ykrar etdi.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....