«All I Want For Christmas Is You» aýdymy bäş ýyl bäri çartlarda birinji orny eýeläp gelýär

  • 22.12.2023 17:42
  • 4.4k+

Maraýi Keriniň «All I Want For Christmas Is You» aýdymy «Billboard-yň» sanawynda bäş senenama ýyly bäri 1-nji ýeri eýeläp gelýän taryhdaky ilkinji aýdym boldy diýip, Bilboard.com habar berdi. Ol 2019, 2020, 2021, 2022-nji ýyllarda öňdeligi eýeledi we şu ýylda hem 1-nji boldy.

Bu aýdym ilkibaşda 1994-nji ýylyň noýabr aýynda «Merry Christmas» albomynda peýda bolupdy, ýöne her ýyl Täze ýyl aýdymlarynyň sanawynda çykýardy. Ahyrsoňy, 2017-nji ýylda ilkinji gezek «Hot 100-de» iň gowy 10-luga girdi. Indiki ýylda bolsa ilkinji bäşlige girdi.

«Bu aýdymy ýazanymda, onuň soňra bütin dünýä nähili täsir etjekdigini göz öňüne-de getirmändim. Her ýyl şeýle köp adamyň meniň bilen birlikde bu aýdymdan lezzet alýandygy üçin minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, Keriniň özi beren interwýularynyň birinde belläp geçdi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....