Lego «Alagaraňkylyk» filminiň äheňinde oýnawaçlar toplumyny çykarar

  • 22.12.2023 17:34
  • 4.8k+

«Lego» kompaniýasy «Alagaraňkylyk» filmleriniň we amerikan ýazyjysy Stefani Maýeriň adybir romanyň esasynda konstruktor oýnawaçlarynyň toplumyny çykarjakdygyny yglan etdi. Ol «Lego Ideas First 2023» bäsleşiginiň halanan taslamalarynyň biri boldy we ýakyn wagtda çykar.

Toplum Kallenler maşgalasynyň jaýyny, «Lego» kubiklerinden ýasalan möjegi we baş gahrymanlaryň – Bellanyň, Edwardyň, Karlaýlyň hem-de Jeýkobyň şekillerini öz içine alýar.
Toplumyň dizaýny Nik Maýkls tarapyndan döredildi. Ol daniýaly öndürijä wampirler hakyndaky filmiň esasynda konstruktor oýnawaçlarynyň toplumyny döretmegi teklip etdi. Bu pikir kompaniýanyň ýolbaşçylygynda-da, 10 müň ulanyjynyň arasynda-da goldaw tapdy (taslamany durmuşa geçirmek üçin onuň «Lego Ideas» web sahypasynda şonça gezek halanylmagy – laýk almagy zerurdyr).

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......