BMG 2026-njy ýyly Halkara meýletinçiler ýyly diýip yglan etdi

  • 22.12.2023 12:54
  • 1.6k+

BMG-niň Baş Assambleýasy Gazagystanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýyly Halkara meýletinçiler ýyly diýip yglan etdi. Bu başlangyjy Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň münberinden 2020-nji ýylda öňe sürdi diýip, kz.kursiv.media belleýär.

Gazagystandan başga-da, Halkara meýletinçiler ýylyny yglan etmek barada rezolýusiýany Ermenistan, Boliwiýa, Germaniýa we Keniýa teklip etdi. Bu resminamanyň awtorlary bolup BMG agza döwletleriň 54-üsi çykyş etdi.

“Halkara ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreler milli, sebit we dünýä derejesinde meýletinçiler hereketine uly itergi berer, meýletinlik ugrundaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer” – diýip, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynda bellenildi.

Gazagystanyň prezidentiniň belleýşi ýaly, meýletinçiler ahlak gymmatlyklaryny ähli zatdan ileri tutýarlar we döwlet bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly hzymatdaşlygy berkitmekde möhüm rol oýnaýarlar.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 20-21-nji iýulynda Astanada Gazagystanyň prezidentiniň, BMG-niň ýokary wezipeli wekilleriniň hem-de 30-dan gowrak ýurtdan meýletinçileriň gatnaşmagynda Halkara meýletinçiler forumy geçirildi.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......