Neýmar 2024-nji ýylda Amerikanyň kubogyna gatnaşmaz

  • 21.12.2023 14:27
  • 9.1k+

Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Neýmar 2024-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň kubogynda oýnamaz. Bu barada milli ýygyndynyň lukmany Lasmar habar berdi, onuň teswirini Radio 98 dykgatymyza ýetirýär.

Saud Arabystanynyň Al-Hilýal toparynda oýnaýan Neýmar oktýabr aýynyň ortalarynda şikes alypdy. Oňa öňdäki haç şekilli bognuň we meniskiň ýyrtylmagy kesel kesgidi goýuldy.
Lasmar: "Entek ir, dikeldiş ädimlerini taşlap, reabilitasiýa kursuna howlukmagyň manysy ýok. Awgust aýynda gutularyna garaşýarys" -diýdi.
Amerikanyň kubogy 20-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler. Braziliýanyň milli ýygyndy topary Kolumbiýanyň, Paragwaýyň toparlary, şeýle hem Kosta Rikanyň we Gondurasyň toparlarynyň arasyndaky pleý-off oýunlarynyň ýeňijisi bilen toparçada oýnar.
Neýmar 31 ýaşynda, 2017-nji ýylda 222 million ýewro dünýä futboly üçin rekord goýup Ispaniýanyň “Barselona”-syndan fransuz “PSŽ”-syna geçdi.
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Neýmar 128 oýun oýnady we 79 pökgi geçirdi. Gollarynyň sany boýunça ol milli ýygyndynyň rekordçysy hasaplanýar. 2023-nji ýylyň awgust aýynda braziliýaly oýunçy “Al-Hilýala” geçdi.


şu gün 16:18
4.2k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....