Variety 2023-nji ýylyň iň gowy gorkunç filmlerini kesgitledi

  • 21.12.2023 13:43
  • 6k+

“Variety” neşiri 2023-nji ýylyň iň gowy gorkunç filmlerini saýlady. Bu žanrda iň gowy film “Skinamarink” boldy diýip, gazeta.ru belleýär.

Bu Kaýl Edward Bollyň ilkinji doly metražly filmidir. Ol lentany çagalyk öýünde 15 000 dollara surata düşürdi. Filmde režissýor ulalmagyň özüne mahsus gorkusyny bermäge synanyşypdyr.
Ýene bir iň gowy gorkunç film doganlar Denni bilen Maýkl Filippunyň “Meniň bilen gürleş” filmidir. Film ýetginjek gyz Mia (Sofi Uaýld) barada gürrüň berýär. Esasy waka ýaş oglan-gyzlaryň oturylyşygynda ölen adamlary o dünýäden çagyrmak oýny bilen başlanýar. Mia öz aradan çykan ejesi bilen habarlaşmak isleýär, ýöne netije elhenç bolýar.
Şeýle-de, neşir “Byçgy 10” (“Saw”), “M3GAN”, “Näsag”, “Bekkiniň gazaby”, “Dogluş/täzeden dogluş”, “Kaýutanyň kakylmasy”, “Illýuziýa adasy”, “Garalamak”, “Gykylyk VI” (“Scream VI”), “Bruklin 45” ýaly filmleri belledi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....