«Wonka» filmi Amerikanyň prokatynda birinji orna çykdy

  • 20.12.2023 15:18
  • 9.5k+

Timoti Şalameniň baş keşbi janlandyrmagynda «Wonka» atly fentezi-mýuzikl filmi Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi.

Ilkinji dynç güni filmiň kassa ýygymy 39 milliona ýetdi, Roald Dalyň filminiň tomaşaçylarynyň 51 göterimi zenanlar boldy. Bu «Dýuna» filminden soň (41 million dollar) Şalameniň gatnaşmagynda iň köp girdeji gazanan ikinji filmdir.
«Açlyk oýunlary: saýrak guşlar we ýylanlar hakynda ballada» atly fantastiki antiutopiýa filmi 5,8 million dollar bilen ikinji orny eýeledi.
Üçünji orny Haýao Miýadzakiniň «Oglanjyk we guş» atly multfilmi eýeledi. Filmiň umumy girdejisi 23,1 million dollara ýetse-de, geçen hepdäniň ahyrynda onuň girdejisi 5,1 million dollara deň boldy. Dördünji orunda 4,9 million dollar bilen «Godzilla: Minus bir» filmi barýar.
4 million dollar bilen ilkinji bäşligi «Trolllar 3» multfilmi jemleýär. Häzirki güne çenli onuň umumy girdejisi 88,7 million dollara ýetdi.
«Wonka» filmi «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filminiň prikwelidir. Onda ýaş Willi Wonka we onuň ajaýyp şokolad fabrigini açmazdan ozal başdan geçirenleri hakda gürrüň berilýär.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....