2024-nji ýylda çykjak Apple enjamlary mälim edildi

  • 20.12.2023 15:14
  • 7.6k+

«Apple» korporasiýasy 2024-nji ýylda dakynyp bolýan enjamlary öndürmäge ünsi jemlär. Bu barada lenta.ru «Bloomberg» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bellenilmegine görä, indiki ýyl kompaniýa «iPhone» bilen çäklenmez. Hünärmenler korporasiýanyň dakynyp bolýan enjamlara ünsi jemlejekdigini, olaryň ilkinjisiniň «Vision Pro» giňeldilen hakykat äýnegi boljakdygyny aýdýarlar. Enjam ýanwar-fewral aýlary aralygynda satuwa çykarylar. Ol iýun aýynda tanyşdyrylypdy.
Şeýle hem kompaniýa gulaklyklarynyň täze neslini tanyşdyrar. «AirPods 4» iki nusgada – daşky gohy işjeň basmak funksiýasyny goldaýan we bu aýratynlygy bolmadyk görnüşlerde peýda bolar. Mundan başga-da, meýilleşdirilen gulaklykda eşidişi pesler üçin eşitdiriş enjamynyň funksiýasy bolmaly, bu bolsa «Apple-iň» «milliardlarça dollarlyk gulaklyk pudagyny üýtgedip gurmagyna» mümkinçilik berer.
Şeýle hem IT ägirdiniň «Apple Watch-yň» täze lukmançylyk funksiýalary – arterial gan basyşyny we uky apnoesini ölçemek ukyby bilen üpjün ediljek täze neslini tanyşdyrjakdygy bellenilýär. Däp boýunça kompaniýa güýzde smartfonlaryny – «iPhone 16» neslini yglan eder.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...