«Gramota.ru» portaly 2023-nji ýylyň sözüni saýlady

  • 20.12.2023 14:23
  • 4.3k+

“Gramota.ru” portaly “neýroulgam” sözüni 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu barada portalyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“2023-nji ýylyň sözi “neýroulgam” boldy. Ol deňagramly görkezijileriň – uly maglumatlary, gözlegleriň ýygylygyny seljermegiň, öňdebaryjy hünärmenleriň: lingwistleriň, sosiologlaryň we beýleki hünärmenleriň baha bermekleriniň esasynda saýlandy” – diýlip habarda aýdylýar.

Bu söz 75%-den gowrak ses aldy. Onuň yzyndan “jipiti/GPT” (58%), “baza” (43%) we “gaýdyp gelijiler” (41%) gelýär. Bellenilişi ýaly, ýylyň sözüni saýlamakda möhüm görkeziji onuň rus dilinde ýeterlik derejede özleşdirilenligi boldy.
Söz rus diliniň dürli maglumat kitapçalaryndan we sözlüklerinden materiallary öz içine alýan “Gramota.ru” portalynyň meta-sözlügine giriziler. Munuň üçin onuň doly derejeli sözlük beýany düzüler diýip, portalyň metbugat gullugy belleýär.
“Gramota.ru” portalynyň sözlüklerinde 5 milliondan gowrak makala jemlenendir. Portalyň ýyllyk auditoriýasy 20 million adama barabar, görüşleriň sany her aýda 7 milliondan gowrak. 23 ýylyň dowamynda maglumathana gullugy ulanyjylaryň soraglaryna 300 müňe golaý jogap taýýarlady.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......