Porsche Taycan we 911 GT3 RS bilen Hindistanda iki sany rekord goýdy

  • 19.12.2023 18:15
  • 8.9k+

Porsche kompaniýasy geçen onýyllygyň başynda Formula 1-iň hindi tapgyryny kabul eden Halkara Budda awtodromynda goýlan iki rekord bilen sport üstünlikleriniň üstüni doldurdy. Iki dürli sport awtoulagy - benzinli 911 GT3 RS we elektrikli Taýcan Turbo S - iň gowy aýlaw wagtyny görkezdi. Iki awtoulag hem F1-iň asly hindistanly ilkinji sürüjisi Narain Kartikeýan tarapyndan dolandyryldy.

Ilki Kartikeýan Porsche 911 GT3 RS-iň destiniň başyna geçdi we 5,14 kilometrlik  ýoly 1 minut 59,854 sekuntda sürüp geçdi. Şeýle etmek bilen, ol 2019-njy ýylda Porsche 911 GT2 RS-de 2 minut 0,266 sekunt diýlip bellige alnan öňki üstünliklerini gowulandyryp, seriýaly awtoulaglarynyň trassadaky rekordyny täzeledi. Mundan başga-da, GT3 RS Budda awtodromyny iki minuta ýetirmän  külterläp geçen ilkinji awtoulag boldy.
Geçen tomusda çykan GT3 RS 992 seriýasy PDK robotly dört litrlik 525 at güýji bolan oppozit  hereketlendirijisi we awtosport dünýäsinden birnäçe çözgüt, şol sanda öň tarapynda DRS ulgamly ösen aerodinamiki korpus we salonyň amortizatorlaryndan sazlanyp bilinýän bir uly radiatorly ýörite sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Kartikeýan GT3 RS-nyň ýoluň käbir böleklerini GT2 RS-e garanda  20-25 km / sag ýokary tizlikde dolandyryp biljekdigini aýtdy.


Soňra ýaryş sürüjisi Taycan Turbo S.-da şol bir ýoly gaýtalap geçdi, 750 at güýji we 1050 Nm 2 bolan iki motorly sedan 2 minut 10,313 sekunt wagt görkezip, hindi ýolunda seriýaly iň çalt elektrik awtoulagy boldy. Sürüji modeliň tizligine, işleýşine we seslenişine ýokary baha berdi hem-de elektrik sport awtoulaglarynyň geljeginiň uludygyny aýtdy.

 


düýn 23:24
685

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 14:52
1.9k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....