Täze Apple sagatlary uly ekrana eýe bolar

  • 19.12.2023 11:38
  • 5k+

Indiki nesliň Apple Watch-y Micro LED görnüşli ulaldylan ekrana eýe bolar. Bu barada TrendForce analitik firmasynyň täze hasabatynda kompaniýanyň gözlegler boýunça uly wise-prezidenti Erik Çiu aýtdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Ol 2026-njy ýylyň Apple sagatlarynyň panelinde täze görnüşli yşyk diodlarynyň – Micro LED-iň ulanyljakdygyny habar berdi. Şeýle-de, onuň çaklamasyna görä, matrisanyň ölçegi häzirki Apple Watch Ultra sagatlaryndan, takmynan, 10% uly bolar. Ýagny, täze sagatlaryň diagonaly 2,12 dýuým töweregi bolar.
Apple-iň Micro LED ekranlaryny iki esasy üpjün edijisi bolar: ams OSRAM nemes kompaniýasy we LG Display. Ams OSRAM 10x10 mkm ölçegli mikro-yşyk diodly çipleriň önümçiligi bilen meşgullanar. Öz gezeginde, LG Display ekranlar üçin goşmaça komponentleriň çykmagyna jogapkär bolar.
Çiunyň aýtmagyna görä, Micro LED-e geçmek Apple-iň sagat displeýleri üçin çykdajylaryny ep-esli azaldar. 2026-njy ýylda bir matrisanyň kompaniýa, takmynan, 120 dollara düşmegine garaşylýar, bu OLED paneliniň häzirki bahasyndan 2,5-3 esse arzandyr.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...