103 ýyllyk ýasama arça auksionda 3400 funt sterlinge satyldy

  • 19.12.2023 11:47
  • 10k+

Beýik Britaniýada geçirilen auksionda dünýäde köpçülikleýin öndürilen ilkinji ýasama Roždestwo arçalarynyň biri satyldy. Ol 1920-nji ýylda alty pensa satyn alyndy, auksiondan bolsa 3400 funt sterlingden gowrak pula satyldy diýip, MIR 24 habar berýär.

Agajyň beýikligi 79 santimetr bolup, onuň 25 şahasy, 12 miwesi we alty sany kiçi şemdany bar. Arça bezeg nyşanly gyzyl agaç böleginde oturdylan. Grant maşgalasynda ol 103 ýyl mundan ozal peýda boldy, onuň ilkinji eýesi 101 ýaşynda aradan çykýança bu arçany bezän sekiz ýaşly Doroti Grantdy. 2014-nji ýylda arçany Dorotiniň gyzy – 84 ýaşly Şirli Holl miras aldy. Ol ejesiniň hormatyny hatyralamak we maşgala mirasynyň abatlygyny üpjün etmek üçin arçany satmak isledi.
Ilkibaşda bu arça 60-80 funt sterlinge satylar diýlip garaşylypdy, ýöne söwda wagty onuň bahasy 3411 funt sterlinge çenli ýokarlandy diýip, “The Guardian” neşiri ýazýar.

şu gün 20:25
2k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

şu gün 20:19
2.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

şu gün 19:55
2.2k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

şu gün 16:49
1.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......