BAE 2028-nji ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasyny kabul eder

  • 18.12.2023 23:11
  • 1.7k+

2028-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasy BAE-de geçiriler, ýaryşyň geçiriljek ýeri hökmünde Abu-Dabi saýlandy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň resmi Telegram-kanalyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

2028-nji ýyldaky ýaryşyň paýtagty ýekşenbe güni onlaýn görnüşde geçirilen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) baş assambleýasynda saýlandy. Ýaryşyň Abu-Dabide geçirilmegine 96 wekil ses berdi, 60-ysy garşy çykdy.
Şeýle-de, assambleýanyň wekilleri FIDE-niň prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň iki möhlet bilen çäklendirilmegini ýatyrmak teklibini goldadylar. Federasiýanyň düzgünnamasyndaky bu punkty aýyrmagy Andorranyň küşt federasiýasy teklip etdi, ony 108 wekil goldady, 27-si garşy çykdy. FIDE-niň häzirki ýolbaşçysy RF-iň hökümetiniň öňki wise-premýeri Arkadiý Dworkowiçdir.


12.04.2026 21:12
3.7k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

05.02.2026 23:31
1.1k+

Abu-Dabi taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşyny kabul edýär

2026-njy ýylyň 6–15-nji fewraly aralygynda Abu-Dabide taryhda ilkinji Open Masters Games multi-sport ýaryşy geçiriler. Bu barada Gulf News neşiri habar berýär. Bu uly göwrümli sport çäresi Al-Aýn we Al-Dafra şäherlerini hem gurşap alar...

09.01.2026 16:22
11k+

Mario Balotelli BAE-niň ikinji ligasynyň iň soňky barýan «Al-Ittifak» toparynyň oýunçysy boldy

Italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ikinji ligasynda dowam eder. 35 ýaşly futbolçy Dubaýyň «Al-Ittifak» kluby bilen iki ýarym ýyllyk şertnoma baglaşdy. Bu transfer barada italiýaly žurnalist Janluka Di Marsio habar berdi...

19.12.2025 16:45
6.8k+

FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi

Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi...