Honor täze arzan X8b smartfonyny tanyşdyrdy

  • 18.12.2023 21:53
  • 10k+

«Honor» kompaniýasy ​​Saud Arabystanynda orta arzanlyk kategoriýasyna degişli täze «Honor X8b» smartfonyny tanyşdyrdy.

Enjam şu ýylyň mart aýynda tanyşdyrylan «Honor X8-iň» täzelenen görnüşidir. «Honor X8b» ozalky nusga görä has kämil aýratynlyklar, şol sanda AMOLED displeý, kämilleşdirilen kameralar we beýleki funksiýalar bilen üpjün edildi.
«Honor X8b» 161,05 x 74,55 x 6,78 mm göwrüme eýedir, agramy bolsa 166 gram. Ol Full HD+ (2412 x 1080 piksel)  durulygy, 90 Gs täzelenme tizligi we 2000 nite çenli iň ýokary ýagtylygy bolan 6,7 ​​dýuýmlyk AMOLED panel bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam «Magic Capsule» duýduryş funksiýasyny goldaýan «Magic OS 7.2» ulgamy ornaşdyrylan «Android 14» işleýär. «Magic Capsule» «iPhone-yň» soňky nesillerindäki «Dynamic Island» aýratynlygynyň analogydyr.
Enjamyň arka tarapynda 108 megapiksellik esasy kamera, 5 megapiksellik ultra giň burçly obýektiw we 2 megapiksellik makro kamera ýerleşýär. Öň tarapynda bolsa 50 megapiksellik frontal kamera bar.
Enjam «Snapdragon 680» çipseti we 35W çenli çalt zarýad berijini goldaýan 4500mAs sygymly akkumulýator bilen üpjün edilendir. Smartfon birnäçe görnüşde ýerlenilýär: 8 GB operatiw ýat + 128 GB goşmaça ýat, 8 GB operatiw ýat + 256 GB goşmaça ýat hem-de 8 GB operatiw ýat + 512 GB goşmaça ýat. Şeýle hem «Honor X8b» iki SIM karty, 4G VoLTE, Wi-Fi 802.11ac, Bluetooth 5.0G, GPS, USB-C porty we enjamyň gapdalynda ýerleşdirilen barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylandyr.
Saud Arabystanynda smartfon, takmynan, 240 dollar bahadan elýeterlidir.

düýn 20:25
3.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
4.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
3.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
1.8k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......