«Portunyň» futbolçysy Galeno Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy saýlandy

  • 17.12.2023 11:27
  • 4.3k+

Portugaliýanyň «Portu» futbol klubunyň ýarym goragçysy Galeno Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Çarşenbe güni «H» toparçanyň altynjy aýlawynda Ukrainanyň «Şahtýor» toparyna garşy geçirilen oýunda (5:3) 26 ýaşly Galeno iki gol geçirip, iki ýardam pasyny berdi.
Şeýle hem bu baýraga «Real Madridden» Hoselu, Portugaliýanyň «Benfika» toparyndan Anhel Di Mariýa we Ispaniýanyň «Atletikosyndan» Samuel Lino dalaşgärlige hödürlenipdi.
Ýewropa ligasynda Çehiýanyň «Sparta» toparyndan Welko Birmançewiç hepdäniň oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol Kipriň Ýewropa kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň altynjy aýlawynda «Aris» toparyna garşy oýunda (3:1) iki goly öz adyna ýazdyrdy.


şu gün 16:18
5.5k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....